Cайт
Объединенной Демократической оппозиции Туркменистана (ОДОТ)
Эркин Туркменистан (Свободный Туркменистан)
Рубрики:

***

Краткая справка о туркменистане:
  • Территория: 488,1 кв.км (С юга на север - 650 км, с запада на восток - 1100 км).
  • Население: 4,350 млн. 80 % - туркмены
  • Религия - ислам (сунниты)
  • День независимости: 27 октября (1991 г.)
  • Форма правления: президентская республика
  • Правитель - Гурбангулы Бердымухаммедов, 2007-...
  • Государственный язык: туркменский
  • Столица: Ашгабат (540 тыс. чел.)
  • Денежная единица - с ноября 1993 года манат (курс: 1 USD = 14250).

***



Рейтинг@Mail.ru


Dunya turkmenleri bolup birlesheling
Общее

Yurt basilip alnanda-da beile talanmazdi.

ÝURT BASYLYP ALNANDA-DA BEÝLE TALANMAZDY

Belli türkmen ýazyjysy – oña zyýan gelmezligi üçin adyny tutmakçy däl – garaşsyzlygyñ ilkinji ýylynda adamlaryñ garaşsyzlyga begenişini görüp: ”Nämä begenýärsiñiz? Duruñ entek biraz, gözüñiz nämäni görýär? Nädersiñiz entejikden, heý, biri gelip, bizi basyp almazmyka diýip arzuw edäýseñiz!” diýen eken. Indi görüp otursak, ol ýazyjy türkmen jemgyýetiniñ ýagdaýyny juda gowy bilýän, parasatly adam eken. Türkmenistanda ol ýazyjy ýagşy tanalýar. Men ol ýazyjynyñ janyýangynly sözleri Türkmen topragyna garaşsyzlyk islemän däl-de, eýse şol garaşsyzlygyñ derrew şagala şam boljagyny öñünden añyp, diýendigine gaty gowy düşünýärin.

Şol akyldaryñ aýdan güni geldi. Halk öz iñ mukaddes umytlarynyñ puç bolanyna bireýýäm göz ýetirdi, indi başyna gelen bu beladan nädip gutuljagyny bilmän, heý, bir daşardan biri gelip, nyýazovçylyk düzgünden bizi halas etmezmikä diyip garaşyp otyr.

Nyýazov bolsa ne halkdan eýmenýar, ne Hakdan, ne-de daşarky güýçlerden. Onuñ bir hudaýy bar, ol hem daşary ýurtlardaky banklarda saklaýan milliardlarça amerikan dollarlary. Oña hem onuñ bu hudaýynyñ garşysyna çykjak güýç ne Günbatarda, ne-de Gündogarda tapylýar. Hala musulman bolsun, hala ehudy, hala-da hristian – hemmeler Dollaryñ gudratyna boýun. Nyýazov muña gaty gowy düşünýär. Şonuñ üçinem ol ähli zady dollar bilen ölçäp, dollar bilen hasaplaşýar. Nyýazov türkmen topragynyñ baýlygynyñ hasabyna vyjdany hapa syýasatçylary we daşary ýurt liderlerini satyn alýar. Onuñ dostlary – pul dostlary, dostlugy – pul dostlugy. Onuñ daşary ýurtly howandarlary Nyýazovy ýigrenseler-de, onuñ eçilýän dollarlaryny ýigrenenoklar. Ençeme daşary ýurt firmalary we ikiýüzli daşary ýurt liderleri şonuñ üçin Nyýazovyñ türkmen halkyna edýän sütemine göz ýumýarlar.

Daşary ýurtlar: Orusýet, Amerikanyñ Birleşen Ştatlary, Hytaý, Europanyñ ösen döwletleri – bulardan hiç kim bize kömege gelmez, eger biziñ özümiz türkmenler bolup, aýaga galmasak. Dünýä türkmenleri öz aralarynda birigip hereket edip başlamaly!

Biziñ barymyzyñ başymyzy birikdirýän dana şahyrymyz Magtimguly Pyragy bar! Bu işde bize onuñ beýik şahsyýeti, ajaýyp eserleri söýget bolar! Geliñ, Türkmenistan, Eýran, Owgan, Yrak, Siriýa we beýleki türkmenler bolup, bir ýere ýygnanalyñ, öz eziz topragymyz bolan Türkmenistanyñ aladasyny özümiz edeliñ. Ony Nyýazovyñ arkasynda durup, hereket edýän güýçleriñ elinden alalyñ! Şeýle etmesek biz öz milli kimligimizi iş ýüzünde gazanyp-da, berkidip-de bilmeris.

Avdy Kulyýev
Поиск по сайту:


Календарь:
2017     Апрель
П В С Ч П С В

 

 

 

 

 

12
3456789
10111213141516
17181920212223
24252627282930

Архив:


Общее   |  Журнал   |  Проeкты   |  Права человека   |  Литература   |  У соседей   |  Аналитика   |  История   |  Акции   |  Хроники   |  Хроники, часть 2   |  Хроники, часть 3   |  Хроники, часть 4   |  Хроники, часть 5   |  Фото   |  Пресса   |  Туркменбаши   |  Ссылки



За cодеpжание автоpcких матеpиалов и выcтуплений отвечают автоpы.
"Фонд "Туркменистан", 2002 - 2009