Cайт
Объединенной Демократической оппозиции Туркменистана (ОДОТ)
Эркин Туркменистан (Свободный Туркменистан)
Рубрики:

***

Краткая справка о туркменистане:
  • Территория: 488,1 кв.км (С юга на север - 650 км, с запада на восток - 1100 км).
  • Население: 4,350 млн. 80 % - туркмены
  • Религия - ислам (сунниты)
  • День независимости: 27 октября (1991 г.)
  • Форма правления: президентская республика
  • Правитель - Гурбангулы Бердымухаммедов, 2007-...
  • Государственный язык: туркменский
  • Столица: Ашгабат (540 тыс. чел.)
  • Денежная единица - с ноября 1993 года манат (курс: 1 USD = 14250).

***



Рейтинг@Mail.ru


BU GÜN AVDY KULYNYÑ KYRKY BELLENILÝÄR
Общее

19.05.2007

Bu gün Türkmenistanyñ ilkinji Daşary işler ministri, Türkmenistanyñ Birleşen Demokratiki Oppozisiýasynyñ baştutany (ODOT) Avdy Kulynyñ dünýäden ötenine kyrk gün.

Avdy aganyñ kyrky diñe bir ýurduñ içinde däl, eýse daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen toplumlarynyñ arasynda-da bellenilýär.

Avdy Kuly külli türkmende – ýurduñ içinde-de, daşynda-da, tutuş Orta Azyýanyñ oppozision töwereklerinde-de, Halkara Hukuk gurmalarynyñ wekilleriniñ arasynda-da uly abraýyñ eýesidi. Ol bu abraýy türkmen topragyna hem öz sözüne wepalylygy, arassa ynsaby, ygrary, söz azatlygy, demokratiýa ugrundaky düşünjeli we mert göreşi bilen gazandy.

Avdy Kuly biziñ aramyzdan ir gitdi. Ol entekler ýaşamalydy, göreşmelidi. Türkmen topragyna adalatly saýlaw düzgünlerini, söz azatlygyny, demokratiýany getirmek ugrundaky göreşde bu gün onuñ ýeri garalyp dur. Avdy aga entek göreşden ýadan adam däldi, onda bu göreşi dowam etdirmek üçin hyjuw-da, gaýrat-da näçe diýseñ bardy. Ol entekler gojalygy-da per bererli däldi. Emma duýdansyz gelen ajal ony biziñ aramyzdan sogrup alyp gitdi.

Biz bu gün hormatly ýaşulymyz, türkmeniñ söwer ogly Avdy Kulynyñ dünýäden ötmeginiñ kyrk gününi belleýäris, onuñ ýasyny tutýarys. Avdy aga öz mertligi, durnuklylygy, salykatlylygy, arassa ynsaby bilen türkmeniñ ýadynda ömürlik galar. Avdy Kulynyñ şahsyýetini biz diñe Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak, Şaja Batyr ýaly gerçekler bilen deñäp bileris.

Avdy aganyñ Türkmenistanda Adam hukuklary, Söz azatlygy, Demokratiýa ugrundaky alyp baran göreşini bu gün diñe bir onuñ Birleşen Demokratiki Oppozisiýadaky egindeşleri däl, eýse ähli düşünjeli türkmenler, türkmenistanlylar dowam edýärler. Hakyky demokratiki gymmatlyklar ugrundaky bu arassa, ynsaply, salykatly göreş hökman öz degerli netijesini berer.

Goý, beýik Tañry o dünýäde merhuma garaşyk etsin! Avdy aganyñ jaýy jennetiñ töründe bolsun!

TÜRKMENISTANYÑ BIRLEŞEN DEMOKRATIK OPPOZISIÝSYNYÑ ÝOLBAŞÇYLYGY WE ”AGZYBIRLIK” HALK DEMOKRATIK HEREKETINIÑ INTERNET SAÝTYNYÑ REDKOLLEGIÝASY
Поиск по сайту:


Календарь:
2017     Октябрь
П В С Ч П С В
2345678
9101112131415
16171819202122
23242526272829
3031

 

 

 

 

 


Архив:


Общее   |  Журнал   |  Проeкты   |  Права человека   |  Литература   |  У соседей   |  Аналитика   |  История   |  Акции   |  Хроники   |  Хроники, часть 2   |  Хроники, часть 3   |  Хроники, часть 4   |  Хроники, часть 5   |  Фото   |  Пресса   |  Туркменбаши   |  Ссылки



За cодеpжание автоpcких матеpиалов и выcтуплений отвечают автоpы.
"Фонд "Туркменистан", 2002 - 2009