Cайт
Объединенной Демократической оппозиции Туркменистана (ОДОТ)
Эркин Туркменистан (Свободный Туркменистан)
Рубрики:

***

Краткая справка о туркменистане:
  • Территория: 488,1 кв.км (С юга на север - 650 км, с запада на восток - 1100 км).
  • Население: 4,350 млн. 80 % - туркмены
  • Религия - ислам (сунниты)
  • День независимости: 27 октября (1991 г.)
  • Форма правления: президентская республика
  • Правитель - Гурбангулы Бердымухаммедов, 2007-...
  • Государственный язык: туркменский
  • Столица: Ашгабат (540 тыс. чел.)
  • Денежная единица - с ноября 1993 года манат (курс: 1 USD = 14250).

***



Рейтинг@Mail.ru


Birleshen Demokratik Turkmen Oppoziciya shol ongki poziciyasinda
Общее

Bizing birigip hereket etmek barada shu yiling aprel ayinda onge suren tekliplermiz oz guijunde galyar. Olar shu ashakdakilardan ibarat.


YLALAŞYK

Birleşen türkmen demokratik oppozisiýasynyñ ýolbaşçysy Avdy Kulyýew, “Watan” syýasy – jemgyýetçilik hereketiniñ lideri Hudaýberdi Orazow, Respublikan partiýanyñ lideri Nurmuhammet Hanamow 2006 ýylyñ 29-30 aprelinde Pragada duşuşyp, Türkmenistanda tä nyýazowçylyk düzgünden dynylýança hem-de ol ýerde ählihalk demokratik saýlawlary geçirmeklige ýol açylýança, Türkmenistanda demokratiýanyñ ýol almagy, ynsan hukuklarynyñ berjaý edilmegi, söz azatlygynyñ bolmagy ugrunda bilelikde göreş alyp barmagy karar etdiler.

Guramanyñ adyna – TÜRKMENISTANYÑ DEMOKRATIK GÜÝÇLERINIÑ BILELEŞIGI diýlip at berilýär. Bileleşige girýän üç guramanyñ hukuklary deñ, guramanyñ adyndan haýsy hem bolsa bir dokumente gol çekilende, taraplaryñ birinji, ikinji ýa-da üçünji bolup gol goýýanlygyna garamazdan, olaryñ mertebeleri hem ygtyýarlyklary deñdir. Gol çekişlik Bileleşige girýän partiýalaryñ we hereketleriñ atlarynyñ türkmen-latyn elipbiýinde harplaryñ ýerleşiş tertibine görä ýöredilýär. Guramanyñ işleri döwlet dilinde dolandyrlyp, soñra onuñ adyndan ýaýradyljak dokumentler rus hem iñlis dillerine geçirler.

Türkmenistanyñ demokratik güýçleriniñ bbileleşigini döreden taraplar Bileleşigiñ öz internet saýtyny açmagy karar etdiler. Onuñ redaksion kollegiýasyna Bileleşigi düzýän guramalaryñ ýolbaşçylary girýärler. Redkollegiýanyñ üç agzasy, gezekleşip, saýta baş redaktorlyk ederler hem saýtyñ işini geñeşli alyp bararlar. Saýty açmak we onuñ işini alyp barmak üçin gerek bolan çykdajylaryny taraplar deñ çekerler. Bu dokumente gol çekilen günden başlap, bir aýyñ dowamynda agzalan internet saýty işläp başlar ýaly edilmek ylalaşyldy.

Bileleşigiñ internet saýtynyñ esasy wezipesi söz azatlygy, demokratiýa, erkin saýlawlar baradaky düşünjeleri Türkmenistanyñ ilat köpçüliginiñ arasynda ornaşdyrmakdan, ösen demokratik ýurtlaryñ mysalynda olaryñ praktikada işleýşini görkezmek, öz gezeginde dünýä jemgyýetçiligini-de Türkmenistandaky ýagdaýlar bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.


Birleşen türkmen demokratik oppozisiýasynyñ adyndan Kulyýew Avdy

“Watan” syýasy-jemgyetçilik hereketiniñ adyndan Orazow Hudaýberdi

Respublikan partiýanyñ adyndan Hanamow Nurmuhammet


30-njy aprel 2006 ýyl, Praga.



TÜKMENISTANYÑ DEMOKRATIK GÜÝÇLERNIÑ BIRLEŞIGNIÑ ÝÜZLENMESI

Daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozision toparlardan üçüsi (Birleşen türkmen demokratik oppoziciýa, “Watan” syýasy-jemgyýetçiliik hereket, Respublikan partiýa) şu gün öz aralarynda birigip, Türkmenistanda Nyýazovyñ döreden diktatorçylyk düzgünine hem onuñ alyp barýan tersmillet, jenaýatçylykly syýasatyna garşy aýgytly hereketler etmekligi, Türkmenistanda demokratiýanyñ, ynsan hukuklarynyñ, söz azatlygynyñ we syýasy, ykdysady azatlyklaryñ dabaralanmagy ugrunda göreş alyp barmaklygy karar etdiler.

Birleşigiñ öñünde goýýan maksady Nyýazovy ornundan aýryp, onuñ ýerini eýelemek däl-de, Türkmenistana, türkmen halkyna erkinlik getirmek, türkmen halkyny döwlet işlerini dolandyrmaklyga gatnaşyp biler ýaly etmek, türkmenistanlylary ukyplaryna, başarjañlyklaryna we isleglerine görä iş ýerleri bilen üpjün etmek. Oppozisiýanyñ göz öñünde tutýan esasy maksatlarynyñ ýene biri ýurtda erkin, adalatly, bäsdeşlikli parlament hem-de prezidentlik saýlawlaryny geçirmek. Bu işleri etmekden onuñ ýetmek isleýän maksady kanuny döwlet gurmak, halka hak-hukuk bermek, ýurduñ tebigy, medeni baýlyklaryny talatdyrmazlyk, ol baýlyklardan gelýän girdejiden her bir türkmenistanly özüne düşýän paýyny alyp biler ýaly ýagdaý döretmek, döwletiñ esasy kanuny – Konstitusiýany halkyñ bähbitlerine hem talaplaryna gabat getirip, döwlet dolandyryş sistemasyny işläp düzmek.

Döwletde Konstitusiýadan ýokarda durýan şahsam, wezipe-de bolmaz. Hemmeler Konstitusiýa tabyn hem kaýyl bolup işlemeli hem ýaşamaly bolarlar. Wezipe eýelemek hem çalyşmak kanun esasynda bäsdeşlik arkaly alnyp barylar. Bu babatda her bir ugur boýunça döwlet komissiýasy düzülip, garyndaşlyk, tiredeşlik, para bermeklik üsti bilen işe bellenmek praktikasy aradan aýrylar.

Turuwbaşdan oppozisiýanyñ ýene-de bir uly üns berjek meselesi – magaryf, saglygy saklaýyş, medeniet pudaklaryny dikeltmeklik hem halky arassa agyz suwy we sagdyn iýmit bilen üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek.

Elbetde, bu işler ýeke bir biziñ guramamyzyñ edýän aladalary hem görýän çäreleri bilen bitmez. Biz ýurduñ içindäki, daşyndaky bar bolan nyýazovçylyk düzgüne garşy durjak ähli güýçleri bu göreşe goşulmaga çagyrýarys!

30. 04. 06. Praga.

TÜRKMENISTANYÑ DEMOKRATIK GÜÝÇLERNIÑ BILELEŞIGNIÑ GÜNBATARYÑ DEMOKRATIK ÝURTLARYNYÑ HEM ORUSÝET FEDERASIÝASYNYÑ LIDERLERINE ÝÜZLENMESI

Türkmenistanyñ üç oppozicion topary (Birleşen türkmen demokratik oppoziciýasy, «Watan» syýasy-jemgyýetçilik hereketi, Respublikan partiýa) öz arasynda birigip, Türkmenistanda dörän iñ repressiv, halka ganym, adamkärçilik gymmatlyklaryny äsgermeýän rejimden dynmak hem onuñ deregine demokratik düzgünli, ynsan hukuklaryna hormat goýýan, söz, syýasy we ykdysady azatlyklary ykrar edýän döwlet gurmak ugrunda bilelikde göreş alyp barjakdyklaryny yglan edýär.

Türkmenistana dolanmakdan biziñ tutýan maksadymyz Saparmyrat Nyýazowyñ rejimine garşy güýç ulanmak däl-de, oña garşy ýurduñ içinde konstitusion ýollar arkaly göreşmek.

Türkmenistanda dörän ýagdaý söz bilen beýan ederden has agyr. Ýurtdaky heläkçilik häzir gumanitar katastrofa derejesine ýetdi. Ýurdy bu beladan gutarmak üçin biz Türkmenistana dolanyp, ähli jogapkärçiligi öz boýnumyza alyp, S.Nyýazowyñ ýöredýän syýasatyna garşy durmaklygy karar etdik. S.Nyýazow biziñ günämiziñ barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, biziñ ählimizi birnäçe jenaýat işlerini edenlikde aýyplap, kimlermizi halk duşmany diýip yglan etdi, kimlermizi bolsa gaýybana sud edip, 25 ýyllyk tussaglyga höküm etdi. Emma biz S.Nyýazow bilen sudlaşmak üçin Aşgabada barmaga taýyn. Eger Halkara derejesinde bize penakärlik edilse, ol sudda özümiziñ ýeñjekdigimize şübhelenemzok. Ol sud prosesiniñ S.Nyýazovyñ diktatorçylyk rejimiñ çagşamagynyñ başlangyjy boljakdygyna ynanýarys. .

Biz Nyýazow bilen aradaky sud işinde siziñ adalatly araçy bolmagyñyzy isleýäris. Biziñ şeýle suda gatnaşmaga höwesekligimiziñ düýp sebäbi diñe bir öz adamçylyk mertebämizi kanun arkaly gormak däl, eýse şol sud prosesinde hakyky jenaýatkäriñ ýüzüni açmakda! Eger-de Halkara jemgyýetçiligi, Günbataryñ demokratik döwletleri bize Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda şeýle sud prosesini guramaga goldaw berseler we sud prosesi tamamlanýança biziñ şahsy eldegrilmesizligimizi kepillendirse, onda kimiñ kimdigi kanuny esasda aýdyñ ediler. Şol sud prosesinde prezident Saparmyrat Nyýazowyñ görlüp-eşdilmedik ykdysady we syýasy jenaýatlarynyñ üstüniñ açyljakdygyny biz öñünden aýdyp biljek.

Eger siz biziñ şu towakgamyzy kabul etseñiz, onda Türkmenistanda demokratiýanyñ dabaralanmagyna, ynsan hukuklarnyñ berjaý edilmegine, ykdysady, syýasy hem söz azatlyklarynyñ ýol almagyna uly goşant goşdugñyz bolardy.

Uly hormat bilen:
Birleşen türkmen demokratik oppozisiýanyñ adyndan

Türkmenistanyñ ozalky daşary işler ministri Avdy Kulyew.

“Watan” syýasy-jemgyetçilik herekediniñ adyndan Türkmenistanyñ ozalky wiöe-premjeri,

Merkezi Bankynyñ başlygy Hudaýberdi Orazow.

Respublikan partiýanyñ adyndan
Türkmenistanyñ Türkýedäki hem Ysraýyldaky ozalky ilçisi
Nurmuhemmet Hanamow.
30. 04. 06. Praga.
Поиск по сайту:


Календарь:
2017     Апрель
П В С Ч П С В

 

 

 

 

 

12
3456789
10111213141516
17181920212223
24252627282930

Архив:


Общее   |  Журнал   |  Проeкты   |  Права человека   |  Литература   |  У соседей   |  Аналитика   |  История   |  Акции   |  Хроники   |  Хроники, часть 2   |  Хроники, часть 3   |  Хроники, часть 4   |  Хроники, часть 5   |  Фото   |  Пресса   |  Туркменбаши   |  Ссылки



За cодеpжание автоpcких матеpиалов и выcтуплений отвечают автоpы.
"Фонд "Туркменистан", 2002 - 2009