Aşakdaky gutlag haty, 13 ýaşyndaky Gowher( Kanada) weblogindan alyndi
Türkmeniň milli şahyry hem beýik akyldaryna bagyşlanan
MAGTYMGULY GÜNLERI(18, 19 we 20-nji Maý) gutly bolsun
Magtymguly Ata- babalarmyziň " omidli guş maksada ýetmiş" diýen dana sözlerinden ylham alyp, eserlerinde adamlara omid berjek bolupdyr. Onuň şeýle bolandygyny sebut etmege, ýeke şu goşgysy hem ýeterlidir :
Mgtymguly köňle gaýgy getirme,
bu bir iş wagtydyr öziň ýitirme.
Sözim diňlän ýok diýip üm-süm otyrma,
jahan giňdir çendan bilede bardyr.
MAGTYMGULY PYRAGY(1733- 1783), DÖWLETMÄMMET AZADY(1700 –1760)nyň oglydyr.
Onuň atasy ýazyjy, şahyr we pedagog bolup, öz eserlerinde adylly-ensaply bolmak bilen , azatlygy, agzybirligi öňe sürüpdir. Azadynyň esereleri " Wagyz-Azat ", "Hekaýaty Jabyransar ", " Behiştnama " we goşgy bilen ýazylan eserlerden we kiçi göwrümli şygyrlardan ybaratdyr.
Döwletmämmed Azadynyň ogly Magtymguly, häzirki türkmen edebi dilini emele getetirp ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.
Magtymguly başlangyç terbiýäni öz atasyndan alyp, ilki oba mekdebinde, soňra Halajyň Gyzylaýak obasyndaky Idris baba medresesinde we ondan soňra-da bir mutdat Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär, weli bu medresäni taşlamaga mejbur bolup Hywadaky Şir-gazy medresesinde okap bilim alýar we türkmen klasik edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan.
Magtymguly Pyragy, Hajygowşan obasynda (Gürgen derýasynyň boýunda) dogulýar. Ol öz döwrüniň bilimli we düşünjeli adamsy bolup ýetişýär we dünýä geziji adam bolup, dünýäniň köp ýerlerine syýahat edyär. Syýahatlar onuň dünýä garaýşyny giňelmegine täsir edipdir.
Beýik akyldarymyz Magtymguly ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçirip, oglan okatmak we kümüşden hem altyndan dürli bezeg şaýlary ýasamak işler bile meşgul bolupdyr.
Magtymguly, takmynan 50 ýaşynda (1783-nji ) ýylda Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony Ak Tokaý obasynyň gonamçylygynda, atasynyň mazarynyň ýanynda jaýlapdyrlar.
Turkmensahra aydim-saz & medeniýet paltalk otogy
